Goldaw, seslenme we ýalňyş hasabat şablony

Goldaw haýyşyny, näsazlygy ýa-da meseläni bize habar bereniňizde, mümkin boldugyça aşakdaky maglumatlary goşmaga synanyşyň:

  1. Ulanylýan operasiýa ulgamy
  2. Tor Browser wersiýasy
  3. Tor Browser Howpsuzlyk Derejesi
  4. Başdan geçiren meseläňize çenli ädimler bilen beýan ediň (mysal üçin, brauzeri açdym, sazlamalar bölümindäki bir opsiýa basdym we brauzer öçdi)
  5. Meseläniň skrinşoty
  6. Tor Browser iş stoly wersiýasyndaky konsol ýazgylary (Windows / Linux-da Ctrl + Shift + J we macOS-da Cmd + Shift + J bilen açyp bolýar)
  7. Tor logs (ýazgylary) (Sazlamalar> Baglanyşyk > Ösen > Tor logs görmek)
  8. Tor bilen birikdirýän sebitiňiz.
  9. Baglanyşyk Kömeginden saýlanan sebit (mesele Baglanyşyk Kömegi bilen baglanyşykly bolsa)
  10. Tor sebitiňizde senzura edilýärmi?
  11. Tor birikmeýän bolsa, bootsrtap (ýüklemek) üçin näçe wagt gerek boldy? Brauziň etmek tizligine nähili täsir etdi?

Tor user support team office hours

Monday to Thursday: our user support channels on email, Telegram, WhatsApp, and Signal are operational.

Friday to Sunday: the helpline is closed. Please rest assured our team will get back to your messages on Monday.

Bize nädip ýetmeli

Bize ýetmegiň birnäçe ýoly bar. Özüňize has laýyk birini saýlap bilersiňiz.

Telegram

Bizde birnäçe resmi Telegram botlary we kanallary bar:

  1. Tor Browser göçürip almak üçin@GetTor_Bot.
  2. @GetBridgesBot obfs4 köprüsini almak üçin.
  3. Iň täze habarlary almak üçin @TorProject.
  4. Kömek soramak üçin @TorProjectSupportBot.
    • Häzirki wagtda Telegram goldaw kanaly iki dilde bar: Iňlis we Rus.
    • Senzuradan aýlanyp geçmek üçin kömek gerek bolsa, menýudan haýsy sebite birikýändigiňizi saýlaň, sebäbi gözegçilik etmek has aňsat bolar.

Tor Forumy

Biz Tor Forumyndan kömek soramagyňyzy maslahat berýäris. Täze mowzuk açmak üçin hasap döretmeli. Ara alyp maslahatlaşmak boýunça görkezmelerimizi gözden geçiriň we sorag bermezden ozal bar bolan temalaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny görüň. Häzirki wagtda iň çalt jogap bermek üçin Iňlis dilinde ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Bir näsazlyk tapsaňyz, GitLab ulanyň.

WhatsApp

WhatsApp belgimize SMS iberip, kömek alyp bilersiňiz: +447421000612. Bu hyzmat diňe tekst habarlary üçin elýeterlidir. Wideo habarlary ýa-da jaňlar goldanylmaýar.

Signal

Signal belgimize SMS iberip, kömek alyp bilersiňiz: +17787431312. Signal mugt we şahsy gizlinlige gönükdirilen aragatnaşyk programmasy. Häzirki wagtda goldaw kanalymyz iňlis we rus dillerinde elýeterlidir we senzuraly sebitlerde Tor ulanyjylaryna kömek edýärler. By hyzmat diňe tekst habarlary üçin elýeterlidir. Wideo habarlary ýa-da jaňlar goldanylmaýar. Habar iberenimizden soň, goldaw agentlerimiz size ýol görkezer we meseläňizi çözmäge kömek eder.

E-poçta iberiň

frontdesk@torproject.org E-poçta salgymyzy iberip bilersiňiz

E-poçtaňyzyň mowzuk setirinde habar berýän zadyňyzy ýazyň. Haçan-da tema setirindäki maglumatlar mümkin boldugyça jikme-jik bolanda ("baglanyşyk meselesi", "sahypa üçin teklip", "Tor Browser-ine seslenme", "Köpri gerek") ýaly ýagdaýlar bize meselä düşünmek we yzarlamak has aňsat bolýar. Temasyz iberilen hatlar, kämahal spam hökmünde bellenýär, şonuň üçin olary görüp bilmeris.

Iň çalt jogap bermek üçin Iňlis, Rus, Ispan, Hindi, Bangla we/ýa-da Portugal dilinde ýazmagyňyzy haýyş edýäris. Bu dilleri bilmeýän bolsaňyz, isleýän diliňizde ýazyp bilersiňiz, ýöne mowzuga düşünmek üçin terjime goldawyna mätäç bolanymyzdan biraz soň jogap berip biljekdigimizi ýadyňyzdan çykarmaň.

IRC we Matrix

Ýalňyşlyklary we pikirleriňizi OFTC kanaly #tor ýa-da Matrix-de Tor ulanyjy goldaw kanaly arkaly habar berip bilersiňiz. Çalt jogap berip bilmezligimiz mümkin. Şeýle-de bolsa, arka tarapdan ýazylanlary okaýarys we zerur bolanda jogap berýäris.

IRC / Matrix nädip birikmelidigini öwreniň .

GitLab

Ilki bilen, näsazlygyň belli bolandygyny barlaň. Ähli meseleleri https://gitlab.torproject.org/ web sahypasynda görüp bilersiňiz. Täze mesele barada habar bermek isleseňiz, Tor Project-iň GitLab göçürmesine girmek üçin täze hasap soraň we meseläni habar bermek üçin dogry ammary saýlaň. Biz Tor Browser bilen baglanyşykly meseleleri Tor Browser mesele yzarlaýjysynda yzarlaýarys. Sahypalarymyz bilen baglanyşykly meseleler mesele yzarlaýjysynda tapylýar.