Programmany işledeniňizden gysga wagtyň içinde Tor Brauzer ulanyp, internete göz aýlap başlamagy başarmaly we ilkinji gezek ulanýan bolsaňyz "Birikdir" düwmesine basmaly.
Baglanyşyk Kömekçisi, 'Test' düwmesine basanyňyzda, internet birikmäňiziň ýagdaýy barada size habar berýär.
"Awtonom"(Offline) diýýän bolsa, internet birikmäňizi barlaň. Tor Network birikdirilmedik bolsaňyz we 'Baglanmadyk' (Not Connected) diýilse, bu ädimler kömek edip biler.
ÇALT BEJERGILER
Eger Tor Browser birikdirip bolmaýan bolsa, çözgüt aňsat bolup biler.
Şulary synap bilersiňiz:
- Kompýuteriňiziň ulgam wagtyny barlaň. Dogry gurulmasa, Tor baglanyşygy gurup bolmaz.
- Sistemada başga Tor Browser ýa-da 'Tor' göçürmesiniň işlemeýändigine göz ýetiriň.
Tor Browser işleýändigini ýa-da işlemeýändigini bilmeýän bolsaňyz, kompýuteriňizi täzeden açyň.
- Gurlan islendik anti-wirus programmalar Tor-yň işlemegine päsgel bermeýändigine göz ýetiriň.
Muny nädip etmelidigini bilmeseňiz, wirusa garşy programmaňyzyň resminamalaryny barlap bilersiňiz.
- Gorag diwaryňyzy (firewall) wagtlaýyn öçüriň.
- Tor Browser öň işleýän bolsa, indi işlemeýän bolsa, ulgamyňyz gibernasiýa (hibernating) tertibinde bolup biler.
Ulgamy täzeden açmak (reboot) meseläni çözüp biler.
- Tor Browser pozuň we täzeden guruň.
Täzeleme gurýan bolsaňyz, öňki Tor Browser faýllarynyň üstüne ýazdyrmaň. Bu faýllaryň amaldan öň doly öçürilendigine göz ýetiriň.
TOR LOGLARYNY GÖRÜŇ
Köp ýagdaýlarda Tor loglaryna seretmek meseläni çözmäge kömek edip biler.
Birikdirmekde kynçylyk çekýän bolsaňyz, säwlik habary peýda bolup biler we "Tor logyny gündelige göçüriň" opsiýasyny saýlap bilersiňiz.
Soňra Tor logyny tekst resminamasyna ýa-da başga bir faýla göçürip alyň.
Bu opsiýany görmeseňiz we Tor Browser açyk bolsa, gamburger menýusyndan ("≡") "Sazlamalar"-a basyň we açylýan çep gapdaldan "Tor"-a basyň.
Sahypanyň aşagyndaky "Tor loglaryna serediň" tekstiniň gapdalyndaky "Gündeligi görmek..." düwmesine basyň.
Goşmaça, GNU/Linux terminalyndaky gündelikleri görmek üçin Tor Browser bukjasyna giriň we Tor Browser-inde aşakdaky buýruk setiri bilen başlaň:
./start-tor-browser.desktop --verbose
Ýa-da loglary faýla ýazdyrmak üçin (default: tor-browser.log):
./start-tor-browser.desktop --log [file]
Bu mesele barada jikme-jik maglumat Goldaw Portalynda tapylar.
SIZIŇ BAGLANŞYK SENZURALYMY?
Entäk hem birikdirip bilmeýän bolsaňyz, internet hyzmat üpjün edijiňiz Tor network birikmek haýyşlaryny petikläp biler.
Mümkin bolan çözgütler üçin Päsgelçiligi geçmek] bölümini görüp bilersiňiz.
BELLI MESELELER
Tor Browser yzygiderli kämilleşdirilýär. Belli bolan ýöne entek çözülmedik käbir meseleler bar.
Başdan geçirýän meseläňiziň Belli Meseleler] bölüminde görkezilendigini ýa-da ýokdugyny barlap bilersiňiz.