Windows üçin

  1. Tor Browser geçiň sahypa göçürip alyň.

  2. Windows .exe faýlyny göçürip alyň.

  3. (Maslahat berilýär) [faýlyň goluny] barlaň file's signature.

  4. Göçürip alanyňyzdan soň .exe faýlyna iki gezek basyň. Jadygöý gurujy amalyny tamamlaň.

macOS üçin

  1. Tor Browser geçiň sahypa göçürip alyň.

  2. macOS .dmg faýlyny göçürip alyň.

  3. (Maslahat berilýär) [faýlyň goluny] barlaň file's signature.

  4. Göçürip alanyňyzdan soň .dmg faýlyna iki gezek basyň. Jadygöý gurujy amalyny tamamlaň.

GNU/Linux üçin

  1. Tor Browser geçiň sahypa göçürip alyň.

  2. GNU/Linux .tar.xz faýlyny göçürip alyň.

  3. (Maslahat berilýär) [faýlyň goluny] barlaň file's signature.

  4. Indi wizual ýa-da buýruk setiri usullaryndan birini ýerine ýetiriň:

Grafiki usuly

  • Göçürip alanyňyzdan soň, arhiw dolandyryjysynyň kömegi bilen arhiwi çykaryň.

  • GNU/Linux-da gabyk skriptlerini ýerine ýetirmäge rugsadyňyzy görkezmeli bolarsyňyz. Täze çykarylan Tor Browser katalogyna geçiň. Start-tor-browser.desktop saga basyň we Aýratynlyklar (Properties) ýa-da Ileri tutmalar (Preferences), düwmesine basyň we faýlyň programma hökmünde işlemegine rugsat beriň. Tor Browser ilkinji gezek açmak üçin start şekiljigini iki gezek basyň.

.desktop faýlyny Linux-da açylýan et

Bellik:Ubuntu we käbir beýleki paýlamalarda, start-tor-browser.desktop işe başlanda tekst faýly açylyp bilner. Bu ýagdaýda, adaty hereketi üýtgetmeli we ýerine ýetiriji hökmünde .desktop faýllaryny işlemäge rugsat bermeli bolarsyňyz. Bu sazlama, adatça faýl dolandyryjysynda bolýar.

Buýruk setir usuly

  • Göçürip alanyňyzdan soňtar -xf [TB archive]buýruk bilen arhiwi çykaryň.

  • Tor Browser katalogynyň içinden Tor Browser işledip bilersiňiz:

    ./start-tor-browser.desktop

    Bellik:Bu buýruk işlemese, faýly açylýan etmeli bolarsyňyz. Bu katalogdaky buýrugy ýerine ýetiriň: chmod +x start-tor-browser.desktop

Buýruk setirinden start-tor-browser.desktopbilen ulanyp boljak käbir goşmaça baýdaklar:

Baýdak Düşündiriş
--register-app Tor Browser iş stoly programmasy üçin bellige almak.
--verbose Tor we Firefox üçin terminal çykyşyny görkezmek.
--log [file] Tor we Firefox çykyş faýlyny ýazdyrmak üçin (default: tor-browser.log).
--detach Tor Browser terminaldan aýyryp we arka fonda işletmek.
--unregister-app Tor Browser iş stoly programmasy üçin bellikden çykarmak.

Maglumat üçin Tor Browser nädip täzelemeli].