Obfs4 ýaly Dakylýan daşaýjylaryň köpüsi “köpri” releýlerden peýdalanýarlar. Adaty Tor relýeleri ýaly köprüler meýletinler tarapyndan dolandyrylýar; adaty relýelerden tapawutlylykda, olar köpçülige görkezilmeýär, şonuň üçin garşydaşy olary aňsatlyk bilen tanap bilmeýär.

Dakylýan daşaýjylar we köprüleri bilelikde ulanmak Tor ulanýandygyňyzy gizlemäge kömek edýär. Şeýle-de bolsa, baglanyşyk adaty Tor relýelerini ulanmakdan has haýal bolup biler.

Meek we Snowflake ýaly beýleki dakylýan daşaýjylar, baglanyşyk salgylarynyň tapylmagyna sebäp bolup biljek usullary ulanmaýan senzuradan aýlanmagyň dürli usullaryny ulanýarlar. Bu daşaýjylary ulanmak üçin köpri salgylaryny goşmak hökman däl.

KÖPRI SALGYLARYNY ALMAK

Köpri salgylary köpçülige açyk däldigi sebäpli, siz özüňiz köpri soramaly bolarsyňyz. Sizde birnäçe seçmeler bar:

  • https://bridges.torproject.org/ görkezmelere baryp görüň ýa-da
  • Gmail ýa-da Riseup e-poçta salgysyndan bridges@torproject.org E-poçta iberiň
  • Tor Browser-inden köpri almak üçin Moat ulanyň.
  • Telegramda @GetBridgesBot habar iberiň. Söhbetdeşligiň içinde "Başlamak" düwmesine basyň ýa-da /start ýa-da /bridges ýazyň. Köpri salgylaryny göçüriň we aşakdaky ýaly dowam ediň:
    • Iş stoly üçin Tor Browser: Gamburger menýusynda (≡) "Sazlamalar"-a, soňra bolsa gapdal paneldäki "Baglanyşyk"-a basyň. "Köprüler" bölüminde "Öňden bilýän köpri salgyňyzy giriziň" opsiýasyndan "El bilen köpri goş" düwmesine basyň we her köpri salgysyny aýratyn setirde giriziň.
    • Android üçin Tor Browser : 'Sazlamalar' (⚙️) giriň, soňra bolsa 'Köpri Sazla' basyň. 'Köprini ulanyň' düwmesine basyň we 'Men bilýän köprini üpjün ediň' saýlaň. Köpriniň salgysyny giriziň.

MOAT ULANMAK

Tor Browser-ini ilkinji gezek işledýän bolsaňyz, Tor sazlamalar penjiresini açmak üçin "Baglanyşyk Sazlaň" basyň. "Köprüler" bölüminiň aşagynda "torproject.org-dan köpri talap ediň"-i tapyň we BridgeDB-iň köpri üpjün etmegi üçin "Köpri talap ediň..."-e basyň. Howpsuzlyk barlagyny tamamlaň (Captcha) we "Iber" düwmesine basyň. Sazlamalary saklamak üçin "Birikdir"-e basyň.

Ýa-da Tor Browser işleýän bolsa, gamburger menýusyndan (≡)"Sazlamalar" we soňra gapdal paneldäki "Baglanyşyk"-a basyň. "Köprüler" bölüminde "torproject.org-dan köpri talap ediň"-i tapyň we BridgeDB-iň köpri üpjün etmegi üçin "Köpri talap ediň..."-e basyň. Howpsuzlyk barlagyny tamamlaň (Captcha) we "Iber" düwmesine basyň. Sahypany ýapanyňyzda sazlama awtomatiki usulda saklanýar.

torproject.org-dan köpri soraň

KÖPRI SALGYLARYNY ÝAZMAK

Tor Browser-ini ilkinji gezek işledýän bolsaňyz, Tor sazlamalar penjiresini açmak üçin "Baglanyşyk Sazlaň" basyň. "Köprüler" bölüminde aşagynda "Öňden bilýän köpri salgyňyzy giriziň" opsiýasyndan "El bilen köpri goş" düwmesine basyň we her köpri salgysyny aýratyn setirde giriziň. Sazlamalary saklamak üçin "Birikdir"-e basyň.

Ýa-da Tor Browser işleýän bolsa, gamburger menýusyndan (≡)"Sazlamalar" we soňra gapdal paneldäki "Baglanyşyk"-a basyň. "Köprüler" bölüminde aşagynda "Öňden bilýän köpri salgyňyzy giriziň" opsiýasyndan "El bilen köpri goş" düwmesine basyň we her köpri salgysyny aýratyn setirde giriziň. Sahypany ýapanyňyzda sazlamalaryňyz awtomatiki usulda saklanýar.

Köpri salgylaryny el bilen ýaz

Baglanyşyk şowsuz bolsa, ulanjak bolýan baglanyşyklaryňyz işlemän biler. Ýokardaky usullardan birini ulanyp, beýleki baglanyşyk salgylaryny alyň we gaýtadan synanyşyň.

BRIDGE-MOJI

Her bir köpri salgysy, Köpri-mojileri diýlip atlandyrylýan emoji nyşanlaryň bir topary bilen aňladylýar. Köpri-mojileri, göz öňünde tutulan köpriniň üstünlikli goşulandygyny barlamak üçin ulanylyp bilner.

Köpri bellikleri adam tarapyndan okalýan köpri kesgitleýjiler bolup, Tor network-e birikmegiň hilini ýa-da köpriniň ýagdaýyny görkezmeýär. Emoji nyşanlaryň setirlerini giriş hökmünde ulanyp bolmaz. Köpri bilen birikmek üçin ulanyjylar doly baglanyşyk salgysyny ýazmalydyrlar.

Köpri-moji

Köpri salgylaryny QR kody ulanyp ýa-da tutuş adresi göçürip alyp paýlaşyp bolýar.

Köpri QR kody