Adaty tertipde Tor Browser, brauzer maglumatlaryňyzy şifrlemek arkaly howpsuzlygyňyzy goraýar. Şahsy maglumatlaryňyzyň gizlinligine girmek we aýlanyp geçmek üçin ulanyp boljak käbir sahypa aýratynlyklaryny öçürip, howpsuzlygyňyzy hasam artdyryp bilersiňiz. Muny galkan menýusynda Tor Browser howpsuzlyk derejelerini ýokarlandyrmak arkaly edip bilersiňiz. Tor Browser howpsuzlyk derejesini duruzyp käbir saýtlaryň kadaly işlemeginiň öňüni alýar. Şonuň üçin zerur peýdalylyk derejesine baglylykda howpsuzlyk derejesini saýlamaly.

HOWPSUZLYK GÖRNÜŞLERINI ALMAK

Howpsuzlyk sazlamalaryna Tor Browser URL setiriniň ýanyndaky “Galkan” şekiljigine basyp bilersiňiz. Howpsuzlyk sazlamalaryňyzy görmek we redaktirlemek üçin galkan menýusynda 'Sazlamalar' düwmesine basyň.

Galkan menýusyndan 'Üýtget ...' düwmesine basyň

HOWPSUZLYK DEREJELERI

Tor Browser howpsuzlyk sazlamalarynda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak, bolup biljek hüjümlerden goramak üçin käbir brauzer aýratynlyklaryny öçürer ýa-da bölekleýin öçürer. Howpsuzlyk derejäňizi sazlap, bu sazlamalary islän wagtyňyz täzeden açyp bilersiňiz.

Howpsuzlyk derejesi häzirki wagtda iň ygtybarly

Standard
  • Bu derejede ähli Tor Browser we web sahypasynyň aýratynlyklary açyk.
Has ygtybarly
  • Köplenç howply saýt aýratynlyklary ýapylýar we käbir saýtlar işlemegini ýitirip bilerler.

  • JavaScript, HTTP ulanmaýan sahypalarda ýapyk. Käbir şriftler we matematika nyşanlary ýapyk. Ses we wideo (HTML5 mediasy) basyp we işledip bolýar.

Iň howpsuz
  • Bu howpsuzlyk derejesinde diňe statiki saýtlar we möhüm hyzmatlar üçin zerur saýt aýratynlyklaryna rugsat berilýär. Bu üýtgeşmeler şekillere, mediýa we skriptlere täsir edýär.

  • JavaScript deslapky görnüşde ähli sahypalarda ýapyk. Käbir şriftler we matematika nyşanlary ýapyk. Ses we wideo (HTML5 gurşawy) basyp we oýnap bolýar.