Onion hyzmatlary (öňden "gizlin hyzmatlar" diýlip bilinýär) diňe Tor ulgamy arkaly girip bolýan web saýtlary ýaly hyzmatlardyr .
Onion hyzmatlary hususy däl webdäki adaty hyzmatlardan birnäçe artykmaçlygy hödürleýär:
- Bir 'onion hyzmatynyň' ýerleşýän ýeri we IP adresi gizlenýär. Bu, olary blokirlemegi ýa-da operatorlar bilen baglanyşykly ýa-da ulanýan hyzmat üpjün edijilerini kesgitlemegi kynlaşdyrýar.
- Tor ulanyjylary bilen onion services arasyndaky ähli traffik ahyrky encrypted (şifrlenen), şonuň üçin HTTPS birikmekhakda alada etmegiň zerurlygy ýok.
- Onion service salgysy awtomatiki usulda döredilýär, şonuň üçin operatorlara domen adyny satyn almak zerurlygy ýok.
- Kriptografiýa gatnaşandygy sebäpli .onion URL-i Tor-a dogry bir ýere birikýändigini we birikmäniň bozulmazlygyny üpjün edýär.
ONION HYZMATYNY NÄDIP ALMALY
Beýleki internet sahypalary ýaly, onion hyzmada birikmek üçin salgyňyzy bilmeli. Bir onion salgysy, 56 harpdan we sandan ybarat bolup, ".onion" bilen gutarýar.
Bir onion hyzmaty ulanýan sahypa gireniňizde, Tor Browser salgy setirinde birleşmegiň ýagdaýynyň ygtybarlydygyny we onion hyzmaty ulanýandygyny görkezýän bir onion şekiljigi peýda bolar.
You can learn more about the onion service by clicking on the onion icon and the adjacent Circuit Display in the address bar.
Onion saýt hakda maglumat almagyň ýene bir usuly, saýt dolandyryjysynyň “Onion-Location” atly aýratynlygy ulanmagydyr.
Onion-Location, web sahypalaryň, onion meňzeşini mahabatlandyrmak üçin ulanýan standart däl HTTP sözbaşysydyr.
Girýän web sahypaňyzda bir onion saýt bar bolsa, gyrmyzy teklip tabletkasy Tor Browser URL setirinde ".onion bar" görkezilýär.
".onion elýeterli " düwmesine bassaňyz, web sahypasy täzeden ýüklener we sogan meňzeşdeşine gönükdiriler.
ONION HYZMATY KESGITLEMEK
Hakyky tassyklanan onion hyzmaty, onion saýt hyzmatyna meňzeýär, ýöne hyzmata girmezden ozal tassyklamak kody sorar.
Tor ulanyjysy hökmünde gönüden Tor Browser tassyklap bilersiňiz.
Bu hyzmata girmek üçin, onion hyzmatynyň operatoryndan giriş güwanamasy almaly bolar.
Hakyky onion hyzmatyna gireniňizde, Tor Browser URL salgy setirinde yşarat bilen kiçijik çal düwme nyşany görkezilýär.
Giriş meýdanyna hakyky şahsy açaryňyzy ýazyň.
ONION HYZMATLARYNDAKY ÝALŇYŞLYKLAR
Bir onion saýtyna birikdirip bilmeýän bolsaňyz, Tor Browser web sahypasynyň näme üçin elýeterli däldigini habar berýän belli bir ýalňyş habary berer.
Yalňyşlyklar dürli gatlaklarda bolup biler: müşderiniň ýalňyşlyklary, tor ýalňyşlyklary ýa-da hyzmat ýalňyşlyklary.
Käbir näsazlyklary, Näsazlyklary Düzeltmek (Troubleshooting) bölümine eýerip düzedilip bilner.
Aşakdaky tablisada mümkin bolup biljek ähli ýalňyşlyklar we meseläni çözmek üçin haýsy çäreleri görmelidigi görkezilýär.
Kod |
Sözbaşy Säwligi |
Gysga Düşündiriş |
0xF0 |
Onionsite tapylmady |
Iň ähtimal sebäbi, onionsite awtonom bolmagydyr. Onion administrator bilen habarlaşyň. |
0xF1 |
Onionsite baryp bolmaýar |
Içki ýalňyşlyk sebäpli onionsite, baryp bolmaýar. |
0xF2 |
Onionsite kesildi |
Iň ähtimal sebäbi, onionsite awtonom bolmagydyr. Onionsite administrator bilen habarlaşyň. |
0xF3 |
Onion saýtyna birigip bolmaýar |
Onionsite meşgul ýa-da Tor network artykmaç işleýär. Soňrak synanyşyň. |
0xF4 |
Onionsite Kesgitleme talap edýär |
Onionsite girmek üçin talap edilýän açar üpjün edilmedi. |
0xF5 |
Onionsite Kesgitleme şowsuz |
Berlen açar nädogry ýa-da ýatyryldy. Onionsite administrator bilen habarlaşyň. |
0xF6 |
Nädogry onionsite salgysy |
Berlen onionsite salgysy nädogry. Dogry girendigiňizi barlaň. |
0xF7 |
Onionsite Aýlanşyk döretmek wagty gutardy |
Belki tor birikmesiniň pes bolmagy sebäpli, Onionsite bilen birikdirilmedi. |
NÄSAZLYKLARY DÜZELTMEK
Isleýän sogan onion hyzmatyna girip bilmeseňiz, onion salgysy dogry ýazandygyňyzy anyklaň. Hat-da kiçijik ýalňyşlyk Tor Browser sahypa girmegiň öňüni alýar.
16 simwoldan ybarat (gysga "V2 format") bir onion hyzmatyna girjek bolsaňyz, bu salgy görnüşi häzirki Tor ulgamynda ulanylmaýar.
Şeýle hem, birleşip beýleki onion hyzmatyna girip biljekdigiňizi test edip bilersiňiz DuckDuckGo's Onion Hyzmaty.
Salgyny barlanyňyzdan soňam onion hyzmatyna birigip bilmeseňiz, täzeden synanyşyň. Wagtlaýyn birikme meselesi bolup biler ýa-da sahypa operatorlary duýduryş bermezden sahypa awtonom girmäge rugsat beren bolmagy mümkin.