Giriş paroly ýaly şahsy maglumatlar şifrlenen internete iberilse, tora gözegçilik edip biljek bir adam ýa-da gurama aňsatlyk bilen alyp biler. Islendik sahypa girýän bolsaňyz, sahypanyň bu görnüşinden goramak üçin HTTPS şifrlemesini hödürleýändigine göz ýetirmeli. Muny adres setirinden görüp bilersiňiz: Şifrlenen (encrypted) birikme ulanýan bolsaňyz, adresiň başynda "http://" ýerine "https://" bolar.

Tor Browser, HTTPS mody

Diňe HTTPS mody web sahypalaryndaky ähli baglanyşyklary, HTTPS atly ygtybarly şifirlenen birikmäni ulanmaga mejbur edýär. Web sahypalarynyň köpüsi eýýäm HTTPS goldaýar; käbirleri HTTP we HTTPS goldaýar. Bu mody açmak, HTTPS ulanmak üçin web sahypalaryndaky ähli baglanyşyklaryňyzyň täzelenmegini we şonuň üçin howpsuz bolmagyny üpjün edýär.

Tor Browser diňe HTTPS modynda

Käbir web sahypalary diňe HTTP-ni goldaýar we birikmäni täzeläp bolmaýar. Sahypanyň HTTPS wesiýasy ýok bolsa, "Howpsuz birikme elýeterli däl" sahypasyny görersiňiz:

Web sahypasy HTTP bolanda, ygtybarly birikme elýeterli däl

'HTTP sahypasyna geç' düwmesine bassaňyz, töwekgelçilikleri kabul edýärsiňiz we sahypanyň HTTP wesiýasyna girýärsiňiz. Bu sahypa üçin diňe HTTPS mody wagtlaýyn ýapylýar.

Şifrlenen birikmelerden gaça durmak isleseňiz, 'Yza gaýt' düwmesine basyň.

Bu ýerde Tor Browser we HTTPS şifrlemesi bilen ýa-da bolmazdan yzarlap bilýän adamlary ýa-da guramalary görüp bilersiňiz:

  • Tor ulananyňyzda tora gözegçilik edýänler üçin elýeterli maglumatlary görmek üçin "Tor" düwmesine basyň. Tor açylanda düwme ýaşyl bolar.
  • "HTTPS" ulanylanda tora gözegçilik edýänler üçin elýeterli maglumatlary görmek üçin "HTTPS" düwmesine basyň. HTTPS açyk bolsa, düwme ýaşyl bolýar.
  • Iki düwme hem ýaşyl bolanda, bu iki guraly ulananyňyzda tora gözegçilik edýänler üçin elýeterli maglumatlary görýärsiňiz.
  • Iki düwme çal reňkde, bu iki gural ulanylmaýan wagty tora gözegçilik edýänler üçin elýeterli maglumatlary görýärsiňiz.



GÖRÜNMEGI ÄHTIMAL DATA
Saýt.com
Girilen sahypa.
ulanyjy ady / paroly
Kimligi kesgitlemek üçin ulanylýan ulanyjy ady we paroly.
data
Maglumat iberilýär.
ýerleşýän ýeri
Sahypa girýän kompýuteriň network ýerleşýän ýeri (umumy IP adresi).
Tor
Tor ulanylýarmy ýa-da ýokmy.