Haýsydyr bir web sahypasyna birikeniňizde, şol web sahypasynyň operatorlary diňe saparyňyz barada maglumat ýazyp bilýänler däl. Häzirki wagtda köp web sahypasy, "Halanmak" düwmeleri, analitik yzarlaýjylar we mahabat maýaklary ýaly köp sanly üçünji tarap hyzmatlaryny ulanýar, bularyň hemmesi işleriňizi dürli saýtlarda baglanyşdyryp biler.

Tor network ulananyňyzda, tora gözegçilik edýän adamlar ýa-da guramalar takyk ýerleşýän ýeriňizi we IP adresiňizi bilip bilmeýärler. Şeýle-de bolsa, bu maglumat bolmasa-da, dürli ugurlarda eden amallaryňyza seredip, olary biri-biri bilen baglanyşdyryp biler. Şonuň üçin Tor Browser şahsyýetiňize haýsy maglumatlary goşup boljakdygyny gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýän goşmaça aýratynlyklary öz içine alýar.

URL SALGY ÝERI

Tor Browser , sahypa bilen gatnaşyklaryňyzy internet tejribäňiziň merkezinde ýerleşýän salgy setirinde goýýar. Şol bir üçünji tarap yzarlaýyş hyzmatyny ulanýan iki dürli saýta birikseňizem, Tor Browser mazmunyň iki dürli Tor zynjyry(circuits) arkaly geçirilmegini üpjün edýär. Şeýlelik bilen, yzarlamak hyzmaty bu baglanyşyklaryň brauzeriňizden gelendigini bilmez.

Beýleki tarapdan, şol bir sahypa salgysyna birikmeler şol bir Tor aýlanşyk ulanýarlar. Diýmek, bir sahypanyň dürli sahypalaryny aýratyn täblerde ýa-da penjirelerde açyp hiç hili funksiýasyny ýitirmän işledip bilersiňiz.

Sahypanyň maglumat menýusynyň aýlanşyk diagrammany görüň

Tor Browser sahypanyň maglumat menýusynda, URL setirinde häzirki tab üçin ulanýan zynjyrynyň diagrammasyny görüp bilersiňiz.

Işledilende “Guard” ýa-da giriş duralgasy ilkinji duralga bolup, Tor tarapyndan awtomatiki we tötänleýin saýlanýar. Şeýle-de bolsa, zynjyryň beýleki duralgalaryndan tapawutlanýar. Gorag duralgasy, her täze domen bilen çalşylýan beýleki duralgalardan tapawutlylykda, profilli hüjümleriň öňüni almak üçin her 2-3 aýdan üýtgedilýär. Goragçylar barada giňişleýin maglumat almak üçin,Sorag-jogap we GoldawPortaly bölümlerine seredip bilersiňiz..

TOR BILEN LOGIN

Tor Browser, ulanyjylaryna internetde doly anonimligi üpjün etmek üçin döredildi. Şeýle-de bolsa, ulanyjy adyňyzy, parolyňyzy ýa-da başga kesgitleýji maglumatlaryňyzy talap edýän saýtlar üçin Tor Browser ulanmagyň manysy bolan ýagdaýlar bolup biler.

Adaty brauzer ulanyp, bir sahypa gireniňizde, IP adresiňizi we geografiki ýerleşişiňizi açarsyňyz. E-poçta iberilende köplenç şeýle bolýar. Tor Browser ulanyp, sosial ulgamyňyza ýa-da e-poçta hasaplaryňyza gireniňizde haýsy maglumatlaryň berilýändigini saýlap bilersiňiz.Girmek isleýän sahypaňyz toruňyzda senzuradan geçen bolsa, Tor Browser ulanyp girip bilersiňiz.

Tor-uň üsti bilen bir web sahypasyna gireniňizde, ýadyňyzda saklamaly birnäçe nokat bar:

  • Gireniňizde birikmäňizi üpjün etmek barada möhüm maglumat üçin Howpsuz birikmelergörüp bilersiňiz.
  • Tor brauzeri köplenç baglanyşygyňyzy dünýäniň başga bir ýerinden gelýän ýaly edýär. Banklar ýa-da e-poçta hyzmatyny üpjün edijiler ýaly käbir saýtlar, hasabyňyzyň döwülendigini ýa-da bozulandygyny we hasabyňyzy gulplamagynyň alamaty hökmünde düşündirip bilerler. Bu ýagdaýy çözmegiň ýeke-täk usuly, hasaby dikeltmek üçin degişli sahypa tarapyndan maslahat berilýän usula eýermek ýa-da hyzmat üpjün edijisi bilen habarlaşmak we ýagdaýy düşündirmekdir.

ŞAHSYÝETLERI WE AÝLANŞYKLARY ÇALYŞMAK

Esasy menýuda Täze Şahsyýet we Täze Tor Aýlanşyk opsiýalary

Tor Browser "Täze Şahsyýet" we Täze Tor Zynjyry opsiýalary bar. Bular gamburger menýusynda ýa-da esasy menýuda (≡) hem bar.

TÄZE ŞAHSYÝET

Bu opsiýa, brauzerde eden hereketleriňiziň ozal eden hereketleriňiz bilen baglanyşmagynyň öňüni almak isleseňiz peýdalydyr. Bu opsiýa ulanylanda ähli açyk goýmalar we penjireler ýapylýar, gutapjyklar (cookies) we gözleg taryhy ýaly ähli şahsy maglumatlar arassalanýar we ähli baglanyşyklar üçin täze Tor zynjyrlary ulanylýar. Tor Browser ähli amallaryň we ýüklemeleriň bes ediljekdigini habar berýär. Şonuň üçin "Täze Şahsyýet"-e basmazdan ozal muny ýatda saklaň.

Bu opsiýany ulanmak üçin, Tor Browser gurallar panelindäki 'Täze Şahsyýet' basmaly.

BU SAÝT ÜÇIN TÄZE TOR AÝLANŞYGY

Bu opsiýa, ulanýan, çykyş akymyňyza isleýän sahypaňyza birigip bilmeseňiz ýa-da sahypa dogry ýüklenmese peýdalydyr. Saýlananda, işjeň tab ýa-da penjiräniň täze Tor zynjyry arkaly täzeden ýüklenmegine sebäp bolýar. Şol bir saýtdan açylan beýleki goýmalar we penjireler täzeden ýüklenende bu täze zynjyry ulanýarlar. Bu opsiýany ulanmak şahsy maglumatlary arassalamaz, amallaryňyzy bozmaz ýa-da beýleki açyk sahypa baglanyşyklaryna täsir etmez.

Şeýle hem, bu opsiýa salgy setirindäki [i] şekiljigi bilen görkezilen sahypa maglumat menýusyndan girip bilersiňiz.