Isleseňiz, Tor Browser arhiw faýlyny gönüden-göni USB disk ýa-da SD karta ýaly gurşawa çykaryp bilersiňiz. Tor Browser talap edilişi ýaly täzeläp bolar ýaly ýazyp bolýan mediýany ulanmak maslahat berilýär.

Windows üçin:

  1. Göçme mediýany kompýutere salyň we formatlaň. Islendik faýl ulgamy ulanylyp bilner.

  2. Tor Browser-ine sahypa göçürip alyň giriň.

  3. Windows .exe faýlyny göçürip alyň we göni mediýaňyza ýazdyryň.

  4. (Maslahat berilýär) Faýl golybarlaň.

  5. Göçürip alanyňyzdan soň .exe faýlyna iki gezek basyň. Açyljak gurnama kömekçisindäki ädimleri ýerine ýetiriň.

  6. Tor Browser-i nirede gurmak isleýändigiňizi soranlarynda, göçme mediýaňyzy saýlaň.

macOS üçin:

  1. Göçme mediýany kompýutere salyň we formatlaň. MacOS Giňeldilen, (Journaled) faýl formatyny ulanmaly.

  2. Tor Browser-ine sahypa göçürip alyň giriň.

  3. MacOS .dmg faýlyny göçürip alyň we göni mediýaňyza ýazdyryň.

  4. (Maslahat berilýär) Faýl golybarlaň.

  5. Göçürip alanyňyzdan soň .dmg faýlyna iki gezek basyň. Açyljak gurnama kömekçisindäki ädimleri ýerine ýetiriň.

  6. Tor Browser-i nirede gurmak isleýändigiňizi soranlarynda, göçme mediýaňyzy saýlaň.

GNU/Linux üçin:

  1. Göçme mediýany kompýutere salyň we formatlaň. Islendik faýl ulgamy ulanylyp bilner.

  2. Tor Browser-ine sahypa göçürip alyň giriň.

  3. Linux .tar.xz faýlyny göçürip alyň we göni mediýa ýazdyryň.

  4. (Maslahat berilýär) Faýl golybarlaň.

  5. Göçürip alanyňyzdan soň arhiwi mediýa çykaryň.