Android üçin Tor Browser

Android üçin Tor Browser, Tor Project arapyndan goldanýan we işlenip düzülen ýeke-täk resmi ykjam brauzerdir. Tor Browser iş stolunda ulanmak ýaly, ýöne siziň Android mobil enjamlaryňyzda ulanylýar. “Android” üçin “Tor Browser”-iň käbir esasy pursatlary: saýtlaryň arasyndaky yzarlamany azaltmak, gözegçilikden goramak, brauzeriň barmak yzlary almagy öňüni almak we senzuradan geçmek.

GÖÇÜRIP ALMAK WE GURMAK

Android üçin Tor Browser we Android üçin Tor Browser (alfa) bar. Tehniki däl ulanyjylar durnukly we kemçiliklere has az meýilli bolany üçin, Android üçin Tor Browser almaly. Android üçin Tor Browser “Play Store”, “F-Droid” we “Tor Project” web sahypasynda elýeterlidir. Tor Browser bu üç platformadan başga ýerden göçürip almak gaty töwekgelçiliklidir.

Google Play

Android üçin Tor Browser Google Play Store-da gurnap bilersiňiz.

F-Droid

The Guardian Project, F-Droid ammarynda Android üçin Tor Browser üpjün edýär. Programmany F-Droid arkaly gurnamak isleseňiz, şu ädimleri ýerine ýetiriň:

  1. F-Droid programmasyny Android enjamyňyza F-Droid web sahypasyndan guruň

  2. F-Droid gurnamasy tamamlanandan soň programmany açyň.

  3. Aşaky sag burçdaky "Sazlamalar" basyň.

  4. "Meniň programmalarym" bölüminden Ammarlara basyň.

  5. "Guardian Project Resmi Çykaralyş" opsiýasyny açyň.

  6. F-Droid programmalaryň sanawyny the Guardian Project ammaryndan göçürip alýar (Bellik: Bu amal birnäçe minut alyp biler).

  7. Çep ýokarky burçdaky yzky düwmä basyň.

  8. Aşakdaky sag burçdaky "Iň soňky" düwmesine basyň.

  9. Gözleg penjiresini aşaky sag burçdaky ulaltýan aýna basyp açyň.

  10. "Android üçin Tor Browser "gözlediň.

  11. "Tor Project" ýaly görünýän gözleg netijesine basyň we guruň.

Tor Project web sahypasy

Şeýle hem, Tor Project web sahypasyndan apk-ni göçürip alyp, Android üçin Tor Browser alyp bilersiňiz.

ANDROID ÜÇIN TOR BROWSER ILKINJI GEZEK IŞLETMEK

Tor Browser ilkinji gezek işe girizilende, Tor network gönüden birikmek ýa-da sazlamalar şekiljigine basyp Tor Browser birikmesini düzmek mümkinçiligi berilýär.

Birikdir

Android üçin Tor Browser-e birikdiriň

Köplenç "Birikdir" opsiýasyny saýlamak, hiç hili konfigurasiýa bolmazdan Tor network birikdiriler. Basandan soň, Tor birikmesini döretmek ekranyň aşagyndaky üýtgeýän sözlemler bilen görkezilýär. Çalt baglanyşygyňyz bar bolsa, ýöne bu tekst belli bir derejede doňup galýan bolsa, näme edip biljekdigiňizi görmek üçin Troubleshooting serediň.

Sazla

Android üçin Tor Browser-i sazlaň

Baglanyşygyňyzyň senzuradan geçirilendigini bilýän bolsaňyz, sazlamalar şekiljigini basmaly. Tor Browser size birnäçe konfigurasiýa opsiýalaryny berýär. Birinji ekranda Tor torunyň ýagdaýy barada maglumat berilýär we köpri sazlamasy opsiýasy ('Köprini Sazlamak') hödürlenýär. Baglanyşygyňyzyň senzuralydygyny bilýän bolsaňyz ýa-da Tor network birikdirip görmedik bolsaňyz we başga hiç hili çözgüt tapmadyk bolsaňyz, 'Köprini Sazlamak' düwmesine basyň. Soňra dakylýan daşaýjyny düzmek üçin sizi Aýlanyşekranyna alyp bararlar.

PÄSGELÇILIGI GEÇMEK

Köpri relýeleri köpçülige açyk we Tor katalogynda görkezilmedik Tor relýeleridir. Repressiw ýollar bilen dolandyrylýan ýerlerde tor ulanyjylary we köpçülige açyk Tor relýesiniň IP adresine birikmegini görmek islemeýänler goşmaça howpsuzlyk gatlagy üçin köpriler ulanyp bilerler.

Dakylýan daşaýjylary ulanmak üçin, Tor Browser programmasy ilkinji gezek işe girizilende peýda bolan sazlamalar şekiljigine basyň. Birinji ekranda Tor network ýagdaýy barada maglumat berilýär. Köpri düzmek üçin 'Köprini Sazlamak' düwmesine basyň.

 Android üçin Tor Browser senzuraly internet

Indiki ekranda ýörite köpri ýa-da bar bolan köprini ulanmak mümkinçiligi berilýär. "Köpri ulanyň" bölüminde üç wariant bar: "obfs4", "meek-azure" we "snowflake".

Android üçin Tor Browser-de köpri saýlaň

Android üçin Tor Browser-de saýlanan köpri

"Men bilýän köprini üpjün ediň" opsiýasyny saýlasaňyz, köpri salgysy ýazmaly.

Android üçin Tor Browser köpri üpjün ediň]

Android üçin Tor Browser-de köpri salgylaryny beriň

ŞAHSYÝETI DOLANDYRMAK

Täze Şahsyýet

Android üçin Tor Browser-de Täze Şahsyýet

Tor Browser işleýän wagtynda enjamyňyzyň duýduryş panelini açanyňyzdan soň, "TÄZE ŞAHSYÝET" düwmesini görüp bilersiňiz. Bu düwmä basmak size täze şahsyýet berer. Tor Browser iş stoly wersiýasyndan tapawutlylykda, Android üçin Tor Browser "TÄZE ŞAHSYÝET" düwmesi, saýtlardaky hereketleriňiziň beýleki sahypalarda eden hereketleriňiz bilen baglanyşykly bolmagy mümkinçiligini aradan aýyrmaýar. Ony saýlamak diňe Tor aýlanşygyny üýtgeder.

HOWPSUZLYK SAZLAMALARY

Android üçin Tor Browser howpsuzlyk sazlamalary we howpsuzlyk slaýderi

Howpsuzlyk sazlamalaryhowpsuzlygyňyzy we anonimligiňizi bozmak üçin ulanyp boljak käbir web aýratynlyklaryny öçüriň. Android üçin Tor Browser desktopda bar bolan üç sany howpsuzlyk derejesini üpjün edýär. Berlen ädimleri ýerine ýetirip, howpsuzlyk derejesini üýtgedip bilersiňiz:

  • URL salgy setirindäki 3 dik nokat düwmesine basyň.
  • Aşak aýlaň we "Howpsuzlyk sazlamalaryna" basyň.
  • Indi howpsuzlyk derejesini Standard, Has ygtybarly ýa-da Iň ygtybarly diýip saýlap bilersiňiz.

TÄZELEMEK

Tor Browser elmydama täzelemeli. Programma üpjünçiliginiň köne wersiýasyny ulanmagy dowam etdirseňiz, şahsy durmuşyňyzy we gizlinligiňizi bozýan çynlakaý howpsuzlyk kemçiliklerine sezewar bolup bilersiňiz. Tor Browser awtomatiki ýa-da el bilen täzeläp bilersiňiz.

Android üçin Tor Browser awtomatiki täzelemek

Bu usul, ýa-da mobil enjamyňyza Google Play ýa-da F-Droid gurlandygyny göz öňünde tutýar.

Google Play

Google Play-de Android üçin Tor Browser täzelemek

  • Google Play Store programmasyny açyň.
  • Sag burçdaky profil şekiljigini basyň.
  • 'Programmalary we enjamlary dolandyrmak' düwmesine basyň.
  • 'Dolandyrmak' tab-ine basyň.
  • 'Täzelenmeler elýeterli' basyň
  • Täzelenmeli programmalaryň sanawyndan Android üçin Tor Browser basyň.
  • 'Täzelemek' basyň.
F-Droid

F-Droid-da Android üçin Tor Browser täzelemek]

"Sazlamalar" we "Gurlan programmalary dolandyrmak" basyň. Indiki sahypada Tor Browser saýlaň we "Täzele" basyň.

Android üçin Tor Browser el bilen täzelemek

Tor Project sahypasyna giriň we Tor Browser iň soňky wersiýasyny göçürip alyň. Soňra öňki ýaly gurmak] düwmesine basyň. Köplenç ýagdaýda brauzer öňki wersiýasyny iň soňky Tor Browser wersiýasy bilen täzeden ýazmak arkaly täzelenýär. Bu brauzeri täzelemese, Tor Browser aýyrmaly we täzeden gurmaly bolarsyňyz. Tor Browser ýapyk bolsa, enjamyňyzyň sazlamalaryny ulanyp, ony aýyrmak bilen ulgamyňyzdan aýyryň. Mobil enjamyňyzyň markasyna baglylykda Sazlamalar > Programmalar sahypasyna giriň. Tor Browser saýlaň we "Aýyrmak" düwmesine basyň. Soňra iň täze Tor Browser çykarylyşyny göçürip alyň we täzeden guruň.

AÝYRMAK

Android üçin Tor Browser gönüden-göni F-Droid, Google Play ýa-da mobil enjamyňyzyň programma sazlamalaryndan aýrylyp bilner.

Google Play

Google Play Android üçin Tor Browser aýyrmak

  • Google Play Store programmasyny açyň.
  • Sag burçdaky profil şekiljigini basyň.
  • 'Programmalary we enjamlary dolandyrmak' düwmesine basyň.
  • 'Dolandyrmak' tab-ine basyň.
  • Enjamyňyzda gurnalan programmalaryň sanawyndan Android üçin Tor Browser basyň.
  • 'Aýyrmak' düwmesine basyň.

F-Droid

F-Droid Android üçin Tor Browser aýyrmak

"Sazlamalar" we "Gurlan programmalary dolandyrmak" basyň. Indiki sahypada Tor Browser saýlaň we "Aýyrmak" düwmesine basyň.

Mobil enjamynyň programma sazlamalary

Enjam programma sazlamalaryny ulanyp, Android üçin Tor Browser aýyrmak

Mobil enjamyňyzyň markasyna baglylykda Sazlamalar > Programmalar sahypasyna giriň. Tor Browser saýlaň we "Aýyrmak" düwmesine basyň.

NÄSAZLYKLARY DÜZELTMEK

Tor Logs görüň

Android üçin Tor Browser, Tor loglaryny görüň

Tor loglary görmek üçin:

  1. Android üçin Tor Browser işe giriziň we 'Birikmek' düwmesine basyň.
  2. Baglanyşyk gurlanda, günlik ýazgylaryny görmek üçin sagdan çepe süýşüriň. (Bellik: Düzgüne görä, Android üçin Tor Browser-de Tor logs-yň ekran suratlaryny almak mümkinçiligi ýapylýar).#41195

Ýalňyşlyk loglaryny biziň bilen paýlaşmak isleseňiz, ekran suratyny alyp bilersiňiz. Düzgüne görä, Tor Browser-inde ekran suratlaryny alyp bolmaýar. Bu opsiýany açmak üçin şu ädimleri ýerine ýetirmegiňizi haýyş edýäris:

  • Menýu düwmesine basyň (ekranyň aşaky sag tarapynda, salgy setiriniň gapdalynda üç sany dik nokat).
  • Soňra 'Sazlamalar' düwmesine basyň.
  • 'Kämil' bölümine geçiň.
  • 'Ekran suratlaryna almak' opsiýasyny üýtgediň.

Iň köp ýaýran meseleleriň käbirini çözmek üçin Support Portal girişineserediň .

BELLI MESELELER

Häzirki wagtda käbir aýratynlyklar Android üçin Tor Browser-de elýeterli däl, ýöne Iş stoly üçin Tor Browser-de elýeterli.

  • Tor aýlanşygyny görüp bilmersiňiz. #41234 Android üçin Tor Browser SD karta göçürilende birikmeýär. #31814Android üçin Tor Browser-i ulananyňyzda ekran suratlaryny alyp bilmersiňiz. #27987
  • Müşderi ygtyýarnamasy talap edýän onion salgylaryny açyp bilmersiňiz #31672

Mobil enjamlaryndaky Tor hakda has giňişleýin maglumat

Orfox

Orfox ilkinji gezek 2015-nji ýylda “Android” ulanyjylaryna Tor ulanyp, internete göz aýlamak mümkinçiligini bermek üçin “The Guardian Project” taslamasy tarapyndan neşir edildi. Orfox geljek üç ýylyň dowamynda yzygiderli ösdi we adaty brauzerlerden has uly gizlinligi üpjün edip, internete göz aýlamagyň giňden ulanylýan usuly boldy. Orfox adamlara senzuradan geçmäge we petiklenen saýtlara we möhüm çeşmelere girmäge kömek etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. 2019-njy ýylda, Android üçin Tor Browser çykanda Orfox ulanyşdan aýryldy.

Orbot

Orbot, beýleki programmalara Tor network ulanmaga mümkinçilik berýän mugt proksi programmasydyr. Orbot, internet trafigiňizi şifrlemek üçin Tor ulanýar. Soňra senzuradan geçmek we yzarlamakdan howpsuz bolmak üçin mobil enjamyňyza gurlan beýleki programmalar bilen ulanyp bilersiňiz. Orbot Google Play-de göçürip alyp we gurulyp bilner. Android üçin Tor Browser we Orbot barada has giňişleýin maglumat üçin goldaw sahypamyza göz aýlap bilersiňiz .

iOS üçin Tor Browser

iOS üçin Tor Browser ýok. Açyk çeşme bolan, Tor marşrutyny ulanýan we Tor Project bilen ýakyndan işleýän biri tarapyndan işlenip düzülen “Onion Browser” atly iOS programmasyny maslahat berýäris. Şeýle-de bolsa, Apple iOS-daky brauzerlerden “Webkit” diýilýän zady ulanmagyny talap edýär. Bu, Onion Browser-ine Tor Browser bilen deň derejede gizlinlik goragyny üpjün etmegiň öňüni alýar.

Onion Browser barada has giňişleýin öwreniň. Onion Browser App Store-dan göçürip alyp bilersiňiz.

Windows Phone üçin Tor Browser

Häzirki wagtda köne Windows telefonlarynda Tor Browseri işletmek üçin goldanýan usul ýok. Şeýle-de bolsa, has täze Microsoft markaly ýa-da goldanýan telefonlar üçin bu ädimler ulanylyp bilner: Tor Browser Android üçin.